Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresine gatnaşdy

23:5221.12.2018
0
2899
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresine gatnaşdy

21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyna S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresine gatnaşdy.
Ir bilen milli Liderimiziň awtoulagy paýtagtymyzyň “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähiniň öňündäki meýdança geldi.
Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, din wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we köp sanly aşgabatlylar ýygnandylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowyň ýadygärligine tarap ugrady we onuň etegine gül dessesini goýdy. Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, çärä gatnaşyjylar gül desselerini goýýarlar.
Gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, S.A.Nyýazowyň ýagty ýadygärligi hatyralanyp, aýat-töwir okaldy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň