Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň diplomatik edaralarynyň käbir ýolbaşçylaryny çalyşdy

14:0821.12.2018
0
5089

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ilçileri wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permanlara hem-de «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky» Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz geljek ýyl üçin Döwlet býujetinde Daşary işler ministrliginiň ähli maliýe we maddy zerurlyklary, diplomatik işgärleriň we olaryň maşgala agzalary üçin durmuş ýeňillikleriniň göz öňünde tutulandygyny belledi.
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Ç.Nyýazowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky Türkmenistanyň ilçisi, Hemişelik wekili wezipelerinden boşatmak, Ş.Jumaýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Rumyniýadaky (Buharest şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmak hem-de ony Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) ilçisi wezipesine bellemek, A.Annaýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek bilen, ony Türkmenistanyň Rumyniýadaky (Buharest şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek, M.Aýazowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek bilen, ony Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky (Ýerewan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek, Ç.Rustemowany başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmak, P.Durdyýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bangladeş Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyp, ony Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek, N.Amanmyradowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ukrainadaky (Kiýew şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmak hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Ç.Nyýazow Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipesinden boşadyldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna maslahat geçirmegi we öz işini tamamlan ähli ilçilere şu wezipede bitiren işleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan minnetdarlyk bildirmegi hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmagy tabşyrdy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň