Türkmenistanda dekabr aýynyň aýlyk, talyp haklary, pensiýalary we döwlet kömek pullary möhletinden öň tölendi

17:5118.12.2018
0
14862

17-nji dekabrda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramy mynasybetli dekabr aýynyň aýlyk haklaryny, talyp haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny möhletinden öň tölemek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ministr ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynda şu ýylyň dekabr aýy üçin degişli tölegleriň doly geçirilendigini habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iň şatlykly baýramlaryň biri bolan Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda watandaşlarymyzyň zähmet haklaryny, talyp haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny almagy netijesinde nurana baýramy agzybirlikde hem-de bolelinlikde toýlajakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň