Soňky habarlar

Arhiw

“Aşgabat” futbol topary Türkiýedäki ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy

17:4518.12.2018
0
5425

Ýakynda biz “Aşgabat” futbol toparynyň Milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynda çykyş edýän toparlaryň arasynda ilkinji bolup, daşary ýurtlardaky okuw-türgenleşik ýygnanşygyna, has takygy, Türkiýä gidendigini habar beripdik. Bu ýerdäki türgenleşikleriň çäginde türkmen futbolçylary Türkiýäniň üçünji derejeli dwiziýonynda çykyş edýän “Sakarýaspor” topary bilen duşuşyp, garşydaşlaryny 1:0 hasabynda ýeňdiler. Pökgini toparyň tejribeli futbolçysy Nazar Baýramow geçirdi.

Türkiýäniň futbol çempionatynyň iň ýokaryky basgançagynda Superliga bar. Ikinji basgançakda Birinji liga ýerleşýär. “Sakarýaspor” futbol topary bolsa häzir ýurduň çempionatynyň üçünji dwiziýonynyň, ýagny Ikinji liganyň “Ak toparynda” kerwenbaşy. Ol 17 duşuşykda 39 utuk toplap, häzirlikçe, indiki möwsümde Birinji ligada çykyş etmäge hukugy bolan toparlaryň başyny çekýär. Ýöne ýurduň çempionatynyň maý aýynda tamamlanýandygyny hem ýatlatmak isleýäris.

“Aşgabat” futbol toparynyň bolsa Türkiýede ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýene-de birini geçirmegine garaşylýar. Paýtagtymyzyň adybir topary Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumowyň ýolbaşçylygynda geçen möwsümde şowsuz çykyş edip, çempiony ýedinji orunda tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň