Türkmenistanyň zenanlar basketbol ýygyndysy Dünýä kubogy - 2019 halkara ýaryşyna gatnaşar

17:4518.12.2018
0
3440

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň öňümizdäki ýylyň 18 - 23-nji iýuny aralygynda Amsterdam şäherinde geçiriljek dünýä kubogy ugrundaky halkara ýaryşa gatnaşmagyna garaşylýar. Bu ýaryşdaky üstünlikli çykyş biziň ildeşlerimiziň Tokio - 2020 Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini artdyrar.

Ýaryşyň deslapky tapgyrynda Malaýziýanyň, Indoneziýanyň ýygyndylaryny utan türkmen basketbolçylary Çehiýa, Italiýa ýaly ýygyndylara garşy mynasyp oýun görkezipdi. Milli ýygyndymyzyň kapitany Aýna Gökowa bolsa ýaryşyň iň netijeli basketbolçysy bolupdy.

Dünýä kubogynda ildeşlerimiz Italiýa, Russiýa, Hytaý, Ýaponiýa, Fransiýa, Şweýsariýa, Gollandiýa, Indoneziýa, Çehiýa, Latwiýa, Eýran, Wengriýa, Rumyniýa, Ukraina, Andorra, Mongoliýa ýaly döwletlerden gelen güýçli garşydaşlary bilen ýaryşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň