Soňky habarlar

Arhiw

Ertir Türkmenistanyň futzal çempionatyna badalga berler

17:4318.12.2018
0
929

19-njy dekabrda futzal boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlanar. Paýtagtymyza hem-de welaýatlarymyza wekilçilik edýän futzal toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçirilýän ýurdumyzyň çempionaty 24-nji dekabra çenli dowam eder diýip TFF-niň resmi saýty habar berýär. Türkmenistanyň futzal çempionatynyň geçen ýylky netijelerine görä düzülen toparçalarda ilkinji iki orny eýelenler ýarym finalda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Futzal çempionaty paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda geçirilýär.

Çempionata şu toparlar gatnaşar:

1. «Migrasiýa»FT- Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy

2. «Köpetdag» FK - Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi

3. «Nesil»FT- Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty

4. «Deňizçi»FT–Balkan welaýaty Türkmenbaşy şäheri

5. «Ahal»FT –Ahal welaýaty

6. «Lebap»FT –Lebap welaýaty

7. «Mary»FT –Mary welaýaty

8. «Daşoguz»FT –Daşoguz welaýaty

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň