Arhiw

“Lazurit” ugry boýunça ilkinji synag gatnawyny amala aşyrýan ýük ulaglar kerweni Türkmenistana geldi

23:0117.12.2018
0
6830

 

17-nji dekabrda Aşgabada ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, “Lazurit” (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ugry boýunça ilkinji synag gatnawyny amala aşyrýan ýük ulaglar kerweni geldi.

“Lazurit” ugry boýunça ilkinji ýük kerwenini ugratmak mynasybetli Hyrat şäherinde halkara maslahat geçirildi. Oňa Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Gani gatnaşdy. Owgan Lideri öz çykyşynda türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoşniýetli dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň hemmetaraplaýyn ösüşine ägirt uly goldaw berýändigini nygtady. Munuň özi asyrlaryň dowamynda goňşy bolup ýaşaýan iki ýurduň arasynda işjeň gatnaşyklaryň giňden ösdürilmeginiň özenidir.

Owgan harytlarynyň Türkmenistanyň üsti bilen beýleki döwletlere ugradylmagy OYR üçin sebitiň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek arkaly amatly ýagdaýy döredýär we durnuklylygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Ýakynda ulag kerwenleri türkmen-owgan serhedinden geçip, Aşgabada geldi. Ýük kerweni Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna tarap ugur aldy. Soňra şol ýerden gämi arkaly Azerbaýjan Respublikasyna geçiriler, soňra Gruziýanyň çägi bilen Türkiýä baryp ýeter.

Ulag kerwenlerinde owgan topragynda ýerli daýhanlaryň ösdürip ýetişdiren oba hojalyk önümleri, şol sanda pagta, künji, kişmiş, garpyz çigitleri we beýlekiler bar. Bu önümler barmaly ýerine barandan soň, diňe bir Türkiýäniň däl, eýsem, Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň ilatyna ýetiriler. Bu bolsa owgan halkynyň ýetişdiren harytlaryny halkara bazarlara çykarmaga mümkinçiligi kepillendirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň