Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa kubogy - 2019: Özbegistanyň milli ýygyndysy türgenleşik üçin Antalýa gitdi

00:5016.12.2018
0
1274

Futbol boýunça yklym çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen bir toparçada ýaryşýan özbek futbolçylary Birleşen Arap Emirliklerine ugramagyň öňüsyrasyndaky okuw-türgenleşik ýygnanşygyny Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirer.

Milli ýygyndy Daşkent - Stambul - Antalýa ugry bilen şähere geldi we "Cornelia Diamond" myhmanhanasynda ýerleşdi.

Özbegistanyň milli ýygyndysynyň Antalýadaky türgenleşikleri 29-njy dekabra çenli dowam eder. 3 günlük dynç alyşdan soň milli ýygyndy Birleşen Arap Emirliklerine ugrar.

Özbek futbolçylarynyň Antalýada geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklary barada heniz habar berilmeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň