Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary ýakyldy

00:4916.12.2018
0
12819

Türkmenistanda Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk arçalarynyň yşyklary ýakyldy. Türkmenistanyň Baş arçasy Aşgabatdaky "Älem" medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada yşyklandyryldy. Onuň yşyklaryny Aýazbaba, Garpamyk hem-de ertekileriň gahrymanlary çagalar bilen bilelikde ýakdylar.

Şeýlelikde, tutuş ýurtda bir wagtyň özünde arçalaryň yşyklary ýakyldy.

Şu gün türkmen telewideniýesinde hem Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk gepleşikleri başlady. Türkmenistandaky baýramçylyk dabaralary şu günden başlap, 10-njy ýanwara çenli dowam eder. Elbetde, Aýaz baba bilen Garpamyk bu dabaralaryň baş gahrmanlary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň