Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa kubogy - 2019: Türkmenistan - Owganystan ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler

15:1514.12.2018
0
1626

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen birinji okuw-türgenleşik ýygnanşygyny tamamlady. Bu ýygnanşygyň çäginde Türkiýäniň we Eýranyň toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçiren ikinji ýygnanşygyna 18-nji dekabrda girişer. Bu ýygnanşyk hem Antalýa şäherinde bolar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, 25-nji dekabrda milli ýygyndymyz Owganystanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Türkmen futbolçylarynyň Aziýa kubogy - 2019-a çenli başga geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklary barada heniz maglumat ýok.

Türkmenistanyň we Owganystanyň milli ýygyndylary biri-biri bilen taryhda dört gezek duşuşdylar. Şolaryň üçüsi türkmen futbolçylarynyň biri bolsa Owgansytanyň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu duşuşyklarda milli ýygyndymyz 19, owgan futbolçylary bolsa 3 pökgi geçirdiler.

Bu görkezijilere garamazdan, soňky ýyllarda Owganystanda futbolyň ýokary depgin bilen ösdürilýändigini bellemek gerek. Hatda ýurduň Futbol federasiýasy 2013-nji ýylda FIFA-nyň feýr pleý baýragyna-da mynasyp boldy.

Iň soňky Türkmenistan - Owganystan duşuşygy 2014-nji ýylyň 22-nji maýynda AFK-nyň çagyryş kubogynyň çäginde geçirilipdi. Şol duşuşyk 3:1 hasabynda owgan futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy.

Aziýa kubogy - 2019-da bolsa biziň milli ýygyndymyzyň “F” toparçada ilkinji göreşini Ýaponiýanyň, Özbegistanyň we Omanyň ýygyndylary bilen alyp barjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň