Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen hokkeýçileri ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar

15:0914.12.2018
0
1108

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň üçünji dwizionyna gatnaşar. Çempionat 2019-njy ýylyň 22 - 28-nji apreli aralygynda Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde geçiriler.

Ýaryşda türkmen hokkeýçileriniň garşydaşlary Bolgariýanyň, Lýuksemburgyň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Hytaýyň we Türkiýäniň ýygyndylary bolar. “B” toparçanyň çäginde geçiriljek duşuşyklardan soňra milli ýygyndymyz ýeňiji bolmagy başarsa, indiki dünýä çempionatlarynda ikinji dwiziona çykmaga hukuk gazanar.

Halkara hokkeý federasiýasynyň (IIHF) geçirýän ýaryşyna dört aýry toparda jemi 52 milli ýygyndy gatnaşýar. Ýeri gelende, biziň milli ýygyndymyzyň üçünji dwizionyň saýlama tapgyrynda Bosnýa we Gersogowinanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Kataryň ýygyndylaryndan üstün çykyp, 9 utuk gazanandygyny, şol duşuşyklarda garşydaş derwezelere 41 şaýba geçirendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň