Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Bütindünýä bodibilding federasiýasynyň resmi agzasy boldy

15:0314.12.2018
0
990

Şu günler (11 - 17-nji dekabr aralygynda) Taýlandyň Çiangmaý şäherinde Bodibilding we fitnes boýunça 10-njy dünýä çempionaty dowam edýär. Çempionatyň dowamynda bodibildingiň bütindünýä federasiýasynyň (WBPF) maslahaty geçirildi we onda Türkmenistan bu guramanyň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi.

WBPF-niň baş sekretary, Bodibilding boýunça Aziýa federasiýasynyň prezidenti Pol Çua maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Atletika sport merkeziniň wekiline agzalyk hakyndaky şahadatnamany gowşurdy. Şahadatnama türkmen türgenlerine geljekde halkara ýaryşlara gatnaşmaga we olarda tejribesini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýeri gelende ýurdumyzyň Atletika sport merkezi tarapyndan iň ezber bodibildingçileri ýüze çykarmak maksady bilen, ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýändigini ýatladýarys. 11-nji noýabrda Türkmenistanyň kubogyny gazanmak ugrunda geçirilen ýaryşda Rüstem Gaýbadullin bilen Roman Mingaliýew ýeňiji bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň