Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ankara şäherinde bolup geçen otly heläkçiligi sebäpli Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

23:1213.12.2018
0
7981

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Ankara şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türk metbugatynda habar berlişine görä, bu heläkçilikde wepat bolanlaryň sany 10-a, agyr ýaralylaryň sany 50-ä golaýlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň