Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

23:1013.12.2018
0
855
Türkmenistanda  Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

13-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Garnik Badalýany kabul etdi. Оl döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we ilçi köpugurly kuwwata, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda uly mümkinçiliklere eýe bolan türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, köp ugurlary öz içine alýan kadalaşdyryjy-hukuk binýady döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Şunda bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. Bu topar gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.

Ynsanperwerlik ulgamy türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar, bu babatda netijeli hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanyldy. Şunda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde medeni hem-de ylym-bilim, sport hyzmatdaşlygyny höweslendirmäge we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Ermenistan Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde hoşniýetli arzuwlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz tarapyndan hoşmeýilli erk-islege daýanýan hem-de özara hormat goýmak we netijelilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň