Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Türkiýedäki birinji ýygnanşygyny tamamlady

17:4013.12.2018
0
7226

12-nji dekabrda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa kubogy - 2019-a taýýarlyk görmegiň çäginde Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiren birinji okuw-türgenleşik ýygnanşygyny tamamlady. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew bu ýygnanşyga 30 futbolçyny çagyrdy. Şolaryň 4-si legioner futbolçylarymyzdyr.
Antalýadaky türgenleşikleriň dowamynda türkmen futbolçylary ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirdiler. Türkiýäniň “Alanýaspor” we Eýranyň “Traktor” toparlary bilen duşuşan futbolçylarymyz bu duşuşyklaryň ikisini hem ýeňiş bilen tamamlady. Iki duşuşykda-da garşydaş derwezä dört pökgi geçiren türkmen futbolçylary öz derwezesine şolaryň diňe birinde bir pökgi geçirtdi. Ýagny, “Traktor” topary bilen geçirilen duşuşyk 4:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşykda milli ýygyndymyzyň gollaryny Ata Geldiýew, Didar Durdyýew, Arslanmyrat Amanow, Myrat Annaýew dagylar geçirdi.
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Antalýadaky ikinji okuw-türgenleşik ýygnanşygy 18-nji dekabrda başlanar. Ikinji ýygyn, esasan, Aziýa kubogyna gatnaşjak futbolçylardan ybarat bolar. Ýygyndynyň düzümi barada ýakyn günlerde habar berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň