Soňky habarlar

Arhiw

Kagawa we Honda türkmen futbolçylarynyň garşysyna oýnamaz

17:3313.12.2018
0
1574

Ýaponiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Hajime Moriýasu indiki ýylyň ýanwar aýynda BAE-de geçiriljek Aziýa kubogynda çykyş etjek deslapky düzümi kesgitledi. Şindi Kagawa, Keýsuke Honda ýaly dünýä belli ýapon ýyldyzlarynyň goşulmadyk düzüminde Ýewropanyň “Marsel” (Fransiýa), “Southempton” (Angliýa), “Galatasaraý” (Türkiýe), “Getafe” (Ispaniýa) ýaly toparlarynda çykyş edýän futbolçylar bar.
Ýaponiýanyň milli ýygyndysy Aziýa kubogyndaky ilkinji duşuşygyny 9-njy ýanwarda türkmen futbolçylary bilen geçirer.
Ýurduň milli ýygyndysynyň deslapky düzümi aşakdaky futbolçylardan ybarat:
Derwezeçiler: Daniel Schmidt (Vegalta Sendai), Shuichi Gonda (Sagan Tosu), Masaaki Higashiguchi (Gamba Osaka).
Goragçylar: Tomoaki Makino (Urawa Reds), Sho Sasaki (Sanfrecce Hiroshima), Hiroki Sakai (Marseille), Genta Miura (Gamba Osaka), Sei Muroya (FC Tokyo), Maya Yoshida (Southampton), Takahiro Tomiyasu (Sint-Truiden), Yuto Nagatomo (Galatasaray).
Ýarym goragçylar: Wataru Endo (Sint-Truiden), Toshihiro Aoyama (SanfrecceHiroshima), Shoya Nakajima (Portimonense), Takumi Minamino (Salzburg), Gaku Shibasaki (Getafe), Hidemasa Morita (Kawasaki Frontale), Ritsu Doan (Groningen), Genki Haraguchi (Hannover), Junya Ito (Kashiwa Reysol).
Hüjümçiler: Takuma Asano (Hannover), Yuya Osako (Werder Bremen), Koya Kitagawa (Shimizu S-Pulse).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň