Russiýaly pälwan Habib Nurmagomedowyň Türkmenistana gelmegine garaşylýar

14:2413.12.2018
0
38014

Başa-baş göreş boýunça russiýaly pälwan, UFC-niň häzirki çempiony Habib Nurmagomedowyň ýakynda Türkmenistana we beýleki käbir Aziýa döwletlerine syýahat etmegine garaşylýar.

Pälwan ýakynda metbugata beren interwýularynyň birinde kakasynyň Türkmenistanda harby gullugy geçendigini aýdyp, bu güneşli ýurdy özüniň hem göresiniň gelýändigini nygtapdy.

Dünýä syýahat etmegi öňräkden bäri meýilleşdirip gelýän türgen biziň ýurdumyzdan başga-da, Malaýziýa, Indoneziýa, Azerbaýjana we Gyrgyzystana baryp görmekçi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň