Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan konsert geçirildi

23:0212.12.2018
0
4398

12-nji dekabrda Aşgabadyň Mejlisler merkeziniň sahnasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert boldy.
Konserte tomaşa etmäge ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Tomaşaçylaryň arasynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda baýramçylygyň öň ýanynda paýtagtymyzda geçirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar. 
Konsert “Arkadagym toý tutýar” diýen kompozisiýanyň ýerine ýetirilmegi bilen açyldy. Ony “Dokmaçylar” folklor topary ýerine ýetirdi.
Şeýle ýokary depginde başlanan baýramçylyk konserti ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur artistleriniň — halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, tans we aýdym-saz, folklor toparlarynyň ajaýyp çykyşlary bilen dowam etdi. Sahnada dürli dillerde aýdymlar ýaňlandy, dünýäniň halklarynyň nusgawy hem-de döwrebap saz eserleri we joşgunly tanslary ýerine ýetirildi. Myhmanlaryň hatarynda Hytaýdan, Owganystandan, Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Saud Arabystanyndan, Pakistandan, Gyrgyzystandan, Müsürden, Türkiýeden we Özbegistandan belli aýdymçylar hem-de döredijilik toparlary bar. 
Türkmen artistleri hem özleriniň baýramçylyk sowgatlaryny taýýarladylar. Horeografiýa toparlarynyň ýerine ýetirýän owadan hereketleriniň ýany bilen görkezilýän çykyşlar wakalara esaslanyp, ajaýyp baýramçylyk görnüşlerini baýlaşdyrmak bilen umumy spektakly emele getirdi. Munuň özi dünýäniň halklarynyň dostlugynyň we doganlygynyň senasy bolup ýaňlandy.
Aýdymçylaryň hem-de baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Ýüpek ýolunyň ýüregi sen, Watanym!» diýen aýdym baýramçylyk dabarasynyň kuwwatly jemleýji bölegine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň