Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

22:5712.12.2018
0
4414

12-nji dekabrda Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dabaraly çäreler geçirilip, olaryň esasysy türkmen paýtagtynda boldy. Bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi.
Köpetdag jülgesiniň gözel künjekleriniň birinde bina edilen belent ýadygärligiň öňünde aşgabatlylaryň müňlerçesi we daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy we deputatlar, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar bar.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşyladylar. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň edermen esgerleriniň hormat garawulynyň deňi bilen bellenilen ýere bardy. Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Türkmenistanyň Prezidenti beýik binanyň eteginde oturdylan ýadygärlik daşyna gül çemenini goýdy.
Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, beýleki dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular.
Bitaraplyk binasyna adamlaryň müňlerçesi gül goýdy, toplumyň öňündäki meýdança ysy bark urýan, watançylyk duýgularynyň çuňňurlygyny beýan edýän ajaýyp güllerden doldy. 
Dabaraly çäre tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň