Soňky habarlar

Arhiw

Köneürgenç etrabynda täze ýyladyşhana toplumy açyldy

17:4012.12.2018
0
1108

11-nji dekabrda Köneürgenç etrabynyň çäginde Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň buýurmasy esasynda täze iri ýyladyşhana toplumy gurlup, ulanylmaga berildi. Ol “Gök ýyldyz” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Iki bölümden ybarat, umumy eýeleýän meýdany 10 gektar bolan ýyladyşhanada pomidor ekildi. Bu toplum ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleriň her ýylda 1800 — 2000 tonnasyny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. Pomidoryň şitilleri toplumyň çägindäki ýörite meýdançada ösdürilip ýetişdirilýär.

Şeýle hem toplumyň düzümine edara ediş binasy, taýýar önümleriň ammary, önümleri saýlamak we gaplamak üçin ýörite enjamlaşdyrylan ulgam, tehniki ähmiýetli desgalar toplumy girýär.

Toplumyň gurluşygynda ýerli howa şertleri nazara alnyp, ýokary ýylylyk saklaýjylyk ukyby bolan hem-de uzak wagtlap ulanylýan polikarbonat we aýna peýdalanyldy. Awtomatik usulda işleýän ýörite enjamlar ýyladyşhananyň degişli ýylylygyny, çyglylygyny we topragyň mineral serişdeler bilen baýlaşmagyny üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň