Balkanabatda täze ýaşaýyş jaýy açylyp, ulanmaga berildi

17:3912.12.2018
0
708

11-nji dekabrda Balkanabatda ýokary amatlylygy bolan täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Ol günbatar sebitiň merkezindäki täze etrapçalaryň birinde peýda boldy. Binany “Balkannebitgazgurluşyk” müdirliginiň gurluşykçylary gurdular. Dört gatly jaýda ýagty hem-de giň otaglary, amatly aşhanasy bolan 24 öý ýerleşdirildi. Onuň gurluşygynda we bezeg işlerinde häzirki zaman gurluşyk serişdeleri ulanyldy.

Häzirki döwürde Balkanabat özüniň binagärlik keşbini özgerdýär, ösýär we giň köçeleri, seýilgähleri we gök zolaklary bilen owadan, amatly şäherleriň birine öwrülýär.

Soňky ýyllarda bu ýerde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygyny goraýan merkez, “Gaýragoýulmasyz tiz kömek”, anyklaýyş merkezi, Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi, drama teatry, kitaphana, “Bagt köşgi”, şeýle hem multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, söwda merkezleri, ýaşaýyş jaýlary, 10 müň tomaşaçy orunlyk stadiony bolan sport toplumy, aýlawly atçylyk sport toplumy we beýlekiler guruldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň