Soňky habarlar

Arhiw

Samandepede kompressor bekediniň ikinji blogy ulanmaga berildi

17:3312.12.2018
0
6358

Samandepe ýatagynda Türkmenistan-Hytaý halkara gazgeçirijisi boýunça ugradylýan gazyň basyşyny artdyrmaga gönükdirilen taslamanyň ikinji tapgyryny amala aşyrmak işi tamamlandy.
Birinji blogy geçen ýyl ulanmaga berlen täze beketde kompressor enjamlarynyň ýene-de 4-si gurnaldy. Bu bekediň geçirijilik ukybyny bir günde 6,5 million kubmetr gaz möçberde artdyrmaga mümkinçilik berdi. GKB-niň gurluşygyndan başga-da, bu taslama gaz toplaýjy bölümleriň ikisiniň durkunyň täzelenmegini hem-de birleşdiriji turbageçirijileriň çekilmegini göz öňünde tutýar.      
Mälim bolşy ýaly, tebigy gazy Türkmenistandan HHR-ne ugratmak birnäçe çig mal çeşmelerinden amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda Samandepe we “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägine girýän beýleki ýataklar bar. Olary Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) ýanynda döredilen “Amyderýa” sebit gaz kompaniýasy işläp taýýarlaýar.
2007-nji ýyldan başlap, Amyderýanyň sag kenarynda seýsmiki barlaglary geçirmek, täze gözleg we ulanyş guýularyny burawlamak bilen bagly işleriň uly möçberi ýerine ýetirildi,  şol ýyl Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk baglaşyldy. Netijede gazyň täze känleri, şol sanda Samandepe ýatagynda (A blok), şeýle hem “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginiň (B blok) gündogar, günorta we demirgazyk böleklerinde känler ýüze çykaryldy. Amyderýa basseýniniň merkezi böleginde gözleg guýularyny synagdan geçirmegiň barşynda nebitiň we gazyň ýokary debitli akymlary alyndy. Şeýlelikde, 2015-nji ýylda Bota-Taňryguýy-Uzynguýy gaz ýataklarynyň topary ulanmaga berildi, 2016-njy ýylda Günbatar Joramergen we Morajuma gaz ýataklary tapyldy.
Samandepe ýatagynda we Hojambaz etrabynda gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň ikisi, synag we ulanyş guýularynyň 110-dan gowragy, şeýle hem önümçilik, logistika w durmuş düzümine degişli beýleki desgalar bina edildi. CNPC-niň maýa goýumlarynyň umumy möçberi ABŞ-nyň 7 milliard dollaryna golaýdyr.
Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň işe girizilen wagtyndan bäri “Türkmengaz” döwlet konserni hem-de CNPC bu ulgam boýunça tebigy gazyň 200 milliard kubmetrden gowragyny ugratdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň