Soňky habarlar

Arhiw

Uzynadany öwrenmek işi dowam edýär

17:2212.12.2018
0
4573

Ýurdumyzyň günorta-günbatarynda, Hazaryň kenarýaka zolagynda ýerleşen täze Uzynada ýatagyny öwrenmek boýunça işler dowam edýär. Häzirki wagtda “Türkmennebit” döwlet konserni bu ýerde iki guýynyň – 17-nji we 8-nji guýularyň gurluşygyny amala aşyrýar. Olar geljegi uly medançanyň kuwwatyny tassyklamalydyr.
Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny berkitmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň hataryna girýär. Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyna laýyklykda geologiýa gözleg işleri ep-esli giňeldiler, olar uly çuňlukda – 7 km çenli we şondan has çuňlukda ýerleşen gatlaklary öwrenmäge gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda Uzynada meýdanynda taslama çuňlugy 7 müň 150 metr bolan uly çuňlukdaky guýyny burawlamak işleri tamamlandy. Ony synagdan geçirmegiň barşynda “mawy ýangyjyň” senagat akymy – bir giňe-gündiziň dowamynda tebigy gazyň 500 müň kum metri hem-de gaz kondensatynyň 150 tonnasy alyndy.
Soňky ýyllarda Balkan welaýatynda açylan täze ýataklary - Altyguýy, Demirgazyk Goturdepe ýataklary özleşdirmek boýunça geljekki meýilnamalar “ýerasty guýulary” gurmagyň döwrebap tehnologiýalryny peýdalanmak bilen baglydyr. Hususan-da, häzir “Nebitgazylmytaslama” institutynyň hünärmenleri Uzynada ýatagynda kese we eňňit-ugurly guýulary burawlamagyň taslama resminamalaryny taýýarlaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň