Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz şäherinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi açyldy

15:4212.12.2018
0
3626

11-nji dekabrda Daşoguz şäherinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ulanmaga berildi. Olar Şagadam köçesiniň ugrunda ýerleşip, täze ýaşaýyş jaý toplumynyň möhüm bölegine öwrüldi. Ýakynda bu ýerde 500-den gowrak maşgalanyň täze jaýly bolmagyna şert döreden köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi öz gapylaryny giňden açdy.

Olaryň biri dört we üç otagly öýleriň 24-sini özünde jemläp, olarda ähli zerur amatlyklar üpjün edildi. Jaýy “Älem açary” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Beýleki iki jaýda 16 sany dört we üç otagly öýler ýerleşdirildi. Ony “Diýaryň kärhanasy” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Jaýlaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde ýokary hilli häzirki zaman gurluşyk serişdeleri ulanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň