Kaka we Gökdepe etraplarynda täze lukmançylyk desgalary açyldy

14:2412.12.2018
0
6583

Kaka etrabynyň merkezinde we Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda açylan täze lukmançylyk desgalary sebitiň ilaty üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» toplumlaýyn durmuşa geçirmegiň çäklerinde Kaka şäheriniň Ýüzbaşy ýaşaýyş toplumynda bina edilen täze lukmançylyk merkezi hut şu maksada we wezipelere laýyk gelýär.

Köpugurly hassahana iki gatly binada ýerleşdirilip, ol Bejeriş-maslahat beriş, anyklaýyş we çaga dogrulýan bölümleri öz içine alýar. Merkeziň toplumlaýyn esasda guralmagy lukmanlaryň netijeli işi, näsaglara ýokary hilli lukmançylyk kömegini öz wagtynda bermek, şeýle hem näsaglary kabul etmek üçin zerur şertleri üpjün edýär.

Bu ýerde näsaglar terapewt, akuşer-ginekolog, hirurg, stomatolog we beýleki ugurlar boýunça işleýän lukmanlar tarapyndan kabul ediler. Merkeziň otaglary iň häzirki zaman lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edildi. Ultrasesli barlag, rentgen, EKG otaglarynda doly derejeli lukmançylyk barlagyny amala aşyryp bolýar. Bu bölümleriň göçme häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemeli. Barlaghana we immuno öňüni alyş, şeýle hem fizioterapiýa otaglary ýokary derejede enjamlaşdyrylypdyr.

“Rysgally zähmet” hususy kärhanasynyň bina eden hassahanasy ilata bejeriş-öňüni alyş, anyklaýyş we beýleki lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýär.

Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda durky düýpli täzelenen we häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen merkez nusgalyk derejedäki oba saglygy goraýyş binasydyr. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde diňe bir şu obanyň däl, eýsem, goňşy obalaryň ilaty hem giň lukmançylyk hyzmatlaryny alyp bilerler.

Obanyň täze Saglyk merkezinde çaga dogurmak, täze bolan çagalara ideg etmek, keselleri öz wagtynda anyklamak we bejermek üçin ähli zerur şertler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň