Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 2 müň tonnalyk sowadyjy ammar açyldy

13:3812.12.2018
0
7924

11-nji dekabrda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde täze häzirki zaman sowadyjy ammar ulanmaga berildi. Ol birbada 2 müň tonna gök önümleri saklamaga niýetlenendir.

Oba we suw hojalyk ministrliginiň buýurmasy esasynda “Ýüpek ýoly täjirçilik” we “Röwşen” hususy kärhanalarynyň bina eden bu desgalary Germaniýanyň, Gollandiýanyň we Türkiýäniň iň kämil ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi.

Ammarda ulanylýan kompýuterleşdirilen sowadyjy ulgam onda zerur bolan howa ýagdaýyny, çyglylygy saklamaga mümkinçilik berýär. Olarda goýulýan gök önümleriň we miweleriň görnüşine laýyklykda sowadyjylar degişli tertipde işledilýär. Bu desga aýratyn awtomatik sowadyjy ulgam bilen enjamlaşdyrylyp, ol sogan we ýeralma saklamaga niýetlenendir. Onuň enjamlaşdyrylyşy önümleri uzak wagtlap ýokary hil derejesinde saklamaga mümkinçilik berýär.

Desganyň esasy bölegi 23 sany sowadyjy bölümden ybaratdyr. Olaryň 12-si miweleri, 7-si gök önümleri we 3-si bolsa deslapky doňduryjy, biri bolsa has çuňňur doňduryjy bölümlerden ybaratdyr. Binada önümleri seljermek, gaplamak üçin awtomatlaşdyrylan ulgam oturdyldy. Binalaryň hemmesi gök we miwe önümlerini saklamak üçin niýetlenen tekjeler we ýörite gaplar bilen üpjün edildi. Olary alyjylara ýetirmek üçin kärhanada ýük ýükleýji elektrokarlar we dürli agramdaky awtosowadyjylar bar.

Toplumyň edara ediş binasynda ammarlara getirilýän we bu ýerden söwda merkezlerine, bazarlara ugradylýan gök we miwe önümleriniň hilini barlamaga niýetlenen barlaghana hereket edýär.

Täze binanyň açylyş dabarasy mynasybetli onuň ygtyýaryna 4, 12 we 25 tonnalyk täze sekiz sany awtosowadyjy we dört sany awtokar hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň