Türkmenistanda syýahatçylyk we atçylyk hünärleri boýunça özgertmeler geçiriler

15:0910.12.2018
0
887

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda gurulýan täze desgalar bilen tanyşlygynyň barşynda döwlet Baştutany syýahatçylyk boýunça bilim berýän bölümiň Türkmen döwlet medeniýet institutynda döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Çünki onuň fakultetlerinde ýurdumyzyň taryhyny, uzak geçmişiň binagärlik ýadygärliklerini, ýagny ýurdumyza gelýän syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýän ýadygärlikleri öwrenýärler, bu bolsa syýahatçylyk pudagy bilen gös-göni baglydyr. Şonuň üçin bu ulgam üçin işgärleri hut şu ýokary okuw mekdebinde taýýarlamak maksadalaýyk bolar.

Şeýle hem paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde atçylyk ugruna degişli hünärleriň öwredilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurlaryň hem hemmesiniň atçylyga degişli guruljak täze ýokary okuw mekdebinde jemlenilse dogry boljakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere syýahatçylyk hünäriniň Türkmen döwlet medeniýet institutynda öwredilmegi, atçylyk ugruna degişli hünärleri bolsa bir ýokary okuw mekdebinde öwredilmegi bilen baglanyşykly wezipeler boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň