Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda türgenleriň halkara ýaryşlara taýýarlygyna nägilelik bildirdi

15:0810.12.2018
0
883

9-njy dekabrda TMSSI-niň täze desgalarynyň gurluşygy bilen tanyşlygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany bu ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu ýerde mugallymlaryň netijeli işlemegi, ussat türgenleri we beýleki hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi. Muňa garamazdan, türkmen türgenleriniň halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan netijeleri bildirilýän talaplara doly laýyk gelmeýär. Mysal üçin, türkmen ştangaçylary Agyr atletika boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda ýokary netije gazanyp bilmediler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz institutyň bu ugurda alyp barýan işleri babatda rektora düýpli nägilelik bildirip, okuw işine çemeleşmelere we usullara täzeden seretmegi talap etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda iň döwrebap hem-de doly bahaly sport düzümleriniň döredilendigini, sportuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilendigini we döwrebaplaşdyrylandygyny, sport düzümleriniň iri halkara ýaryşlary geçirmek we türgenleri dünýä derejesinde taýýarlamak, olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilendigini, zehinli ýaşlary höweslendirmek ulgamynyň hem hut şoňa gönükdirilendigini belledi. Ýöne bu mümkinçilikler doly derejede peýdalanylmaýar.

Türgenleriň has irki döwürden taýýarlanmalydygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz instituta sportda netije gazanan oglanlaryň we gyzlaryň çekilmelidigini, ýokary okuw mekdebinde sapaklaryň olaryň ussatlygyny, maksada okgunlylygyny artdyrmaga, sport tilsimlerini kämilleşdirmäge, güýçlerini, ýyndamlygyny, çydamlylygyny artdyrmaga, ahlak sypatlaryny terbiýelemäge, netijeli türgenleşmek we ýaryşlara üstünlikli gatnaşmak üçin bilimlere eýe bolmaga gönükdirilmelidir diýip belledi.

Bu ugurda alnyp barylýan işler ylmy taýdan esaslandyrylmalydyr we iş ýüzünde amala aşyrylmalydyr. Şeýlelikde, türgenleriň beden aýratynlygyna, onuň fiziki we fiziologik gurluşyna, türgenleriň aňyna aýratyn üns berilmelidir. Munuň özi türgenlerde öz mümkinçiliklerine hem-de ýeňiş gazanmaga bolan ynamyny artdyrýar.

Milletiň Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin seçilip alynýan ýaşlarda halkyna, Watanyna bolan buýsanjyň ýokary bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunlukda, türgenleriň amaly we nazaryýet taýýarlygy anyk tejribeler bilen utgaşmalydyr.

Döwlet Baştutany wise-premýer P.Agamyradowa ýüzlenip, sport ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere talaby güýçlendirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda täze hünär boýunça bilim bermäge niýetlenen binanyň gurulmagy bilen, bu ýerde diňe sport ulgamyna degişli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlanylmagyny degişli derejede ýola goýmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň