Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti TMSSi-niň täze fakultetiniň gurluşygy bilen tanyşdy

15:0610.12.2018
0
800

9-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze gurulýan binalar toplumynyň gurluşygynyň dowam edýän ýerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Säher bilen döwlet Baştutany ýurdumyzyň sport ulgamyna degişli täze desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynyň rektory garşylady.

Ýurdumyzyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew döwlet Baştutany paýtagtymyzda gurluşygyna başlanan desgalaryň taslamalary, olaryň çyzgylary bilen tanyşdyrdy, şeýle hem binalaryň bezeg aýratynlyklary we üpjünçiligi barada habar berdi. Bu ýerde Baş meýilnama laýyklykda, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň, 450 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, köpugurly sport toplumynyň binalary, dynç alyş zolaklarynyň, awtoduralga, welosiped we ylgaw zolaklarynyň, tehniki desgalaryň we suw howdanynyň desgalary ýerleşdiriler. Şeýle hem bu ýerde Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň binasy gurlar.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Milletiň Lideri institutyň täze fakultetiniň binasy, onuň umumy ýaşaýyş jaýy bilen baglanyşykly taslamalaryň taýýarlanylyşyna ünsi çekip, binanyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň, aýratyn-da, umumy ýaşaýyş jaýynyň ýanynda dynç alyş zolagynyň döredilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda ministre taslamalary gutarnykly işlemek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Täze desgalar şäheriň özboluşly binalarynyň tutuş toplumlary bilen sazlaşykly utgaşmalydyr. Binalaryň daşky keşbi we bezelişi barada aýdylanda bolsa, gurluşykda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleriniň utgaşmagy möhümdir diýip, milletiň Lideri bu işlere Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlaryny we bilim alýan talyplary çekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de bu işlere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Çünki ähli binalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, sport ähmiýetli desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna, bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň