Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaş tennisçiler Daşkentde türgenleşýärler

14:5810.12.2018
0
715

5 - 19-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň ýetginjek we kiçi ýaşly tennisçilerden düzülen ýygyndysy Özbegsitanyň paýtagty Daşkent şäherinde okuw-türgenleşigini geçýär. Bu türgenleşige türkmen sportunyň ýaş wekilleriniň 13-si çagyryldy. Olaryň ählisi 11 ýaşdan uly tennisçilerdir. Bu ýerdäki türgenleşikler güýçlendirilen meýilnama bilen alnyp barylýar, tälimçiler türgenler usuly we tehniki taýýarlygyna hem uly üns berýärler. Özbegistanly tennisçiler bilen geçirilýän ýoldaşlyk duşuşyklary bolsa biziň türgenlerimiziň tejribesini has-da artdyrar. Türgenleşigiň esasy maksady ýaş tennisçilerimizi indiki ýyl Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa boýunça çempionata we beýleki iri halkara ýaryşlara taýýarlamakdan ybaratdyr.

Daşkent şäherinde türgenleşýän ýaş zehinlerimiziň arasynda ýurdumyzyň çempiony Diana Bezrutçenko, halkara we milli derejeli ýaryşlaryň ençemesiniň ýeňijisi Güljan Muhammetgulyýewa, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Hajymyrat Çaryýew hem-de Rožan Garajaýewa, Selim Pirjikow, Aýşa Bekbulatowa, Anastasiýa Azymbaýewa, Serdar Wepamyradow ýaly türgenler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň