Aşgabatda “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi

23:4307.12.2018
0
4177

7-nji dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň 10 ýyllygy mynasybetli dabara we bu waka bagyşlanyp, “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Medeniýet ministrligi we Awstriýa-türkmen jemgyýeti bilen bilelikde guralan çäräniň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýändigi bellärliklidir. Munuň özi özygtyýarly Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek babatda onuň ähmiýetiniň uludygyny aňladýar.

Ýatlanylyp geçilen baýramçylyk senesi noýabr aýynda Wenanyň Diplomatik akademiýasynda bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan dabara ýerli döwlet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, işewürler toparlarynyň wekilleri, şeýle hem ýokarda agzalyp geçilen akademiýanyň professor-mugallymlar düzümi, Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, metbugat we elektron neşirleriň birnäçesiniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol bu gurama tarapyndan medeniýet ulgamynda, maglumatlary alyşmakda we hyzmatdaşlyk babatda 10 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylda Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa bolan ilkinji resmi sapary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

2009-njy ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde we howandarlygynda dünýäde deňi-taýy bolmadyk özboluşly döredijilik topary — “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestri döredildi. 2009-njy ýylyň maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde orkestriň birinji konserti boldy, milli Liderimiz oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Aşgabatda Wena ballarynyň üçüsi üstünlikli geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu aýdyň we köp öwüşginli çäreleriň hem hormatly myhmany boldy. Bilelikdäki çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Medeniýet günlerini, Wena şäheriniň Aşgabatdaky Medeniýet günlerini, türkmen we awstriýa sungat ussatlarynyň çykyşlaryny görkezmek bolar. Jemgyýetiň agzalary ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatlaryna, işewürler forumlaryna we festiwallaryna ençeme gezek gatnaşdylar.

2011-nji ýylda Awstriýa-türkmen jemgyýeti özüniň internet-serişdesini açdy, ol iňlis, nemes we rus dillerinde ýewropalylary Türkmenistanyň gadymy taryhy hem-de özboluşly baý medeniýeti, onuň häzirki güni, ykdysady we syýahatçylyk kuwwaty, sportda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Jemgyýetiň Wenada neşir edýän “Galkynyş” žurnalynyň hem wezipeleri şundan ybaratdyr.

2013-nji ýylyň 12-nji iýunynda Awstriýa-türkmen jemgyýeti Awstriýada halkara derejesine eýe boldy, “Ähli Awstriýa — Halkara Pan —Jemgyýetleriniň baş assosiasiýasynyň” doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Tutuş dünýäniň halkara jemgyýetleriniň 100-den gowragy onuň agzasy bolup durýar. Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti assosiasiýanyň Hormatly Prezidenti bolup durýar.

Agşamyň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriň çykyşy boldy. Toparyň çeper ýolbaşçysy, awstriýaly dirižýor professor Wolfgang Harrer we onuň ýaş kärdeşi – Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižýory şu konserte dirižýorlyk etdiler.

Konserte gatnaşmak üçin Awstriýanyň ýaş sazandalary — döredijilik bäsleşikleriniň köpüsiniň ýeňijileri, Wenanyň esasy orkestrleri bilen ençeme gezek çykyş eden skripkaçy Mari Izabel Kropfiç we pianinoçy Florian Feýlmaýr Aşgabada geldiler. Şu gün olar türkmen sazandalarynyň toparyna sazlaşykly goşuldylar. Orkestr ýene-de sungatyň beýik güýjüniň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdi. Sungat özüniň ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen adamlary birleşdirýär.

Konsert “Galkynyş” pýesasy bilen açyldy. Dünýäniň hem-de milli nusgawy saz sungatynyň eserleri — Lýudwig wan Bethoweniň, Kamil Sen — Sansyň, Sezar Frankyň, Nury Halmämmedowyň giňden meşhur bolan simfoniki eserleri baýramçylyk agşamynyň maksatnamasyny düzdi.

Tomaşaçylar döredijilik agşamynyň ahyrynda ýaňlanan Iogann Ştrausyň “Mawy Dunaý” walsynyň täsin owazyny lezzet alyp diňlediler. Bu wals dünýäniň sazlaşygynyň we ajaýyplygynyň senasy hökmünde ýaňlandy.

Ajaýyp türkmen-awstriýa dostluk baýramçylygynyň ahyrynda aýdymçylar, Türkmenistanyň Döwlet hory hem-de “Galkynyş” orkestri tarapyndan ýerine ýetirilen “Arkadag” diýen aýdymy türkmen-awstriýa dostlugynyň baýramçylygynyň jemlemesine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň