Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

23:1106.12.2018
0
4573

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sankt-Ptereburg şäherinde geçirilen resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.

Şäheriň “Pulkowo” Halkara howa menzilindäki dabaraly garşylanyşdan soň, türkmen Lideriniň awtoulag kerweni B.N.Ýelsin adyndaky kitaphana tarap ugrady, şu gün şol ýerde Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Duşuşyk Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklygynda Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Ermenistanyň Premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nikola Paşinýanyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň gatnaşmagynda geçirildi. Şeýle hem giňişleýin düzümdäki mejlisde ÝewrAzES-niň ýanynda synçy ýurduň Baştutany hökmünde Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon boldy. Şeýle hem bu ýere GDA agza döwletleriň beýleki Baştutanlary — Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gelýärler.

Birek-birek bilen salamlaşanlaryndan hem-de Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, duşuşyga gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahara çagyryldy.

Döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Potýomkin köçesinde, Tawriçeskiý bagynyň öňündäki taryhy binada ýerleşen “Leningrad Merkezi” medeni-dynç alyş merkezine tarap ugraýar. Bu ýerde myhmanlara şeýle hem şüweleňli maksatnama teklip edildi.

Resmi däl ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda döwletleriň ýolbaşçylary özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara häsiýetli meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gün tertibinde köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ozal gazanylan ylalaşyklary, şol sanda döwletara derejesindäki ylalaşyklary durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň ençemesi durýar. Diňe soňky iki ýylyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Täjigistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan bilen strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyklara gol çekildi. Bulardan başga-da, dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna gol çekildi.

Ýakyn we uzak geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda döwlet Baştutanlary şu gezekki resmi däl sammitiň mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň başyny başlamak üçin badalga nokady boljakdygyna biragyzdan ynam bildirdiler.

...GDA agza ýurtlaryň Liderleri “Leningrad Merkezinden” bütin dünýäde meşhur “Mariinskiý teatryna” ugradylar. Şu ýyl teatryň döredilmeginiň 235 ýyllygy bellenildi. Döwlet Baştutanlary P.I.Çaýkowskiniň “Şelkunçik” atly baletine tomaşa etdiler.

Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgdan Watanymyza ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň