Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti barada halkara maslahat geçirilýär

06:2106.12.2018
0
4136

6-njy dekabrda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahat açyldy.

Maslahata 50-ä golaý ýurtdan, şol sanda Owganystandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Bruneý-Darussalamdan, Kambojiden, Hytaýdan, Müsürden, Gruziýadan, Gresiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Iordaniýadan, Keniýadan, Yrakdan, Italiýadan, Ýaponiýadan, KHDR-den, Koreýa Respublikasyndan, Kuweýtden, Malaýziýadan, Mongoliýadan, Mozambikden, Nepaldan, Filippinden, Katardan, Ispaniýadan, Şri Lankadan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, Sudandan, Siriýadan, BAE-den we beýlekilerden ministrler, ýokary derejeli wekiller hem-de bilermenler gatnaşýar.

Maslahata gatnaşyjylar we onuň myhmanlary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Türkmenistan ÝUNESKO tarapyndan yglan edilen “Beýik Ýüpek ýolunyň ýadygärlikleri” diýen transmilli taslamanyň çäklerinde depginli iş alyp barýar. Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň 25-si Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynyň nominasiýasyna teklip edildi.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa täzeden dikeldilen Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman keşbine ajaýyp ýagdaýda goşulyşýan Türkmenistanyň ulag we energetika taslamalarynyň hem-de başlangyçlarynyň, Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegini, “ýaşyl” ykdysadyýete geçilmegini we Aral meselesini özünde jemleýän ekologiýa meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi.

ÝUNESKO-nyň Tährandaky sebitleýin edarasynyň direktory Aleksandr Leýht bu ýoly öwrenmek boýunça taslamanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen guralan ylmy saparlaryň ilkinjileriniň birini ýatlady. Bu sapar 1991-nji ýylda Aşgabatda badalga aldy hem-de onuň barlaglary Ýüpek ýolunyň merkezinde esasy sebit hökmünde Merkezi Aziýanyň eýeleýän wajyp ornuny tassyklady.

Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň Ýüpek ýoly atly ugry boýunça işlere Türkmenistany goşmak bilen 14 ýurt çekildi. Muňa barha artýan islegler babatda gatnaşyklar, köpdürlülik we ösüşler üçin Ýüpek ýoly boýunça ÝUNESKO-nyň onlaýn-meýdançasyny döretmek babatda täze başlangyja badalga berildi. Görnüşi ýaly, Ýüpek ýoly diňe bir gymmatly geçmişi däl, ýagty geljegi hem janlandyrýar. Ol şeýle hem ertir üçin hem-de sebitde we dünýäde biziň bilelikdäki wezipelerimizi neneňsi çözýändigimize sapak berýär.

Soňra umumy mejlisde medeniýet ministrleri hem-de dürli ýurtlardan hünär ugurly guramalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Ýüpek ýoluň wezipesiniň dürli ugurlary, geçen asyrlarda diňe bir harytlaryň däl, eýsem, filosofiýanyň, ylym-bilimleriň, edebiýatyň ýaýradylmagynda onuň eýelän orny barada gürrüň edildi. Daşary ýurtly myhmanlar soňky ýyllarda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda bolup geçen özgertmeleriň gerimine mynasyp baha berdiler.

Maslahatyň çäklerinde şeýle hem “Beýik Ýüpek ýoly ýaşlaryň gözi bilen” diýen halkara bäsleşigiň foto işleriniň sergisi hem-de Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň amaly-haşam sungatyny, neşirýat işini beýan edýän beýleki sergi gymmatlyklary guraldy.

Myhmanlarymyz üçin medeni maksatnama göz öňünde tutuldy, şol maksatnamanyň çäklerinde olar şu gün Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Görogly we Agaýunus” diýen sahna oýnuna tomaşa etdiler, ertir bolsa Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatryna bararlar. Şol ýerde bilelikdäki “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň