Berdimuhamedow: “Türkmenistanda çig mallaryň we serişdeleriň import edilen möçberi hem 48 göterim azaldy”

04:4105.12.2018
0
3737

“Döwlet býujetine gelip gowuşýan serişdeler bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary bellenen tertibe laýyklykda tölenýär. Önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalar ulanylmaga berildi.

Ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça geçirilen çäreleriň netijesinde, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde dürli önümleriň eksport edilýän möçberi 51 göterim artyp, çig mallaryň we serişdeleriň import edilen möçberi hem 48 göterim azaldy” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň