Soňky habarlar

Archive news

Berdimuhamedow: “Türkmenistanda ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini saklap galýandygymyzy ynam bilen aýdyp bileris”

04:3105.12.2018
0
1107
Berdimuhamedow: “Türkmenistanda ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini saklap galýandygymyzy ynam bilen aýdyp bileris”

4-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň on bir aýynyň dowamynda ýurdumyzyň ösüşiniň netijelerini jemläp, döwletimiziň içeri syýasatynyň esasy meseleleri barada durup geçdi hem-de öňümizdäki ýyl çözüljek wajyp wezipelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň, esasan hem, nebitgaz toplumy bilen bagly işde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, biz şu ýyl ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galýandygymyzy ynam bilen aýdyp bileris.

Ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümiň ösüş depgini, çaklamalara görä, 6,2 göterim bolar. Halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy. Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy artyp, häzirki döwürde 65 göterime barabar boldy diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň