Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Özbegistandan 17 million dollarlyk oba hojalyk tehnikalaryny satyn alar

23:5804.12.2018
0
6843

2019-njy ýylyň aprel aýyna çenli Türkmenistan Özbegistandan 17 million dollarlyk oba hojalyk tehnikalaryny satyn alar diýip, Trend habarlar agentligi özbek metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk tehnikalarynyň toplumyny satyn almak barada degişli resminama gol çekipdi.

“Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistana 100 sany pagta ýygyjy kombaýn, 1502 sany külte basyjy tehnika, 600 sany derman pürküji enjam we 200 sany körek ýygynjy enjam - jemi 2402 sany oba hojalyk tehnikasy ugradylar we olaryň umumy bahasy 12 million dollara barabar bolar. Indiki ýylyň ýanwar - mart aýlarynda ýene-de 5 million dollarlyk tehnika ugradylar” diýip, habarda “Uzagrotehsanoatholding” kompaniýasynyň wekiliniň aýdanlaryna salgylanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň