Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

10:5904.12.2018
0
3586

4-nji dekabrda Aşgabadyň “Çandybil” söwda merkezinde Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady, ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Sergide öz önümlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem görkezýärler.

Sergä gatnaşyjylaryň 90-a golaýynyň hatarynda ýurdumyzyň döwlet we telekeçiler düzümleri, Ýewropa we GDA ýurtlarynyň kompaniýalary öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Serginiň açylyş dabarasyna dürli ministrlikleriň we edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Serginiň çäklerinde resminamalara gol çekildi. Hususan-da, ösümlik ýagyny öndürýän zawodlaryň gurluşygyna gatnaşýan “Gündogar Akymy” hojalyk jemgyýeti bilen «Syngenta Agro AG» şweýsar kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda ösdürmek üçin günebakaryň tohumlaryny getirmek hakynda şertnama baglaşyldy. Şeýle hem «Agzybir Ojak» hojalyk jemgyýeti bilen «ERENSOY Gida Ve Ambalaj Makinalari San. Ve Tic. Ltd. Şti» we «EKTAM Makine San. Ve Tic. A.Ş.» türk kompaniýalarynyň arasynda çüýşe önümçiliginde ulanyljak enjamlary satyn almak we gurnamak, rafinirlenen ýagy awtomat usulda gaplamak enjamlaryny satyn almak we gurnamak boýunça şertnamalar baglaşyldy.

Şeýle hem serginiň çäklerinde duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, haryt öndürijileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki kärhanalary döretmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pudaklaýyn sergi öz işini 6-njy dekabrda tamamlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň