Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine ýurduň 41-nji Prezidenti Jorj Gerbert Uoker Buşuň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

22:2502.12.2018
0
7049

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 41-nji Prezidenti Jorj Gerbert Uoker Buşuň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady.
Hatda bellenilişi ýaly, Jorj Gerbert Uoker Buş görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň abadançylygy hem-de onuň halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda örän uly işleri bitirdi.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, şeýle hem Amerikanyň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň