Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ÝUNESKO-nyň ugry boýunça “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahat geçiriler

16:5701.12.2018
0
3571

Türkmenistanyň Ministrler Käbinetiniň 30-njy noýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabatda 6 — 7-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň ugry boýunça geçiriljek “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
ÝUNESKO bilen bilelikde “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen şu ýylyň çäklerinde geçiriljek bu maslahatyň gün tertibi ady rowaýata öwrülen taryhy ýoluň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň arasynda köp taraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň giň gerimini öz içine alar. Maslahatyň netijeleri boýunça Aşgabat Beýannamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar. Maslahatyň öň ýanynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň “Ýüpek ýoly” atly ugry boýunça Utgaşdyryjy komitetiň bäşinji mejlisini we hünärmenleriň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärelere daşary ýurtlardan köp sanly wekiller gatnaşar. Mundan başga-da, ÝUNESKO tarapyndan guralan “Ýaşlaryň gözi bilen Beýik Ýüpek ýoly” atly halkara fotobäsleşigiň ýeňijileriniň işleriniň sergisi geçiriler. Şonuň bilen birlikde, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, neşir önümleriniň, Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem daşary döwletleriň birnäçe ilçihanalarynyň taýýarlan kitaplarynyň we fotosuratlarynyň sergisini guramak meýilleşdirilýär.
Myhmanlarymyz üçin medeni maksatnama göz öňünde tutuldy. Onda Alp Arslan adyndaky milli drama teatryna baryp görmek bellenilýär, bu ýerde 6-njy dekabrda “Görogly we Agaýunus” eseriniň esasynda sahna oýnunyň görkezilişi bolar hem-de 7-nji dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda türkmen-awstriýa bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň konserti berler.
Türkmenistanyň Prezidenti maslahatyň hem-de ÝUNESKO-nyň Utgaşdyryjy komitetiniň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, dünýä taryhyndaky täsin ýagdaý hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň öwrenilmegine Türkmenistanyň uly goşant goşýandygyny nygtady. Türkmen döwletiniň Baştutany öňde boljak çäreleriň netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge, döwletleriň we halklaryň has-da ýakynlaşmagyna, olaryň arasyndaky dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň