Türkmenistanda milli binagärligiň ösüşine bagyşlanan döredijilik sergisi geçiriler

15:5901.12.2018
0
3041

30-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew döwlet Baştutanyna «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi» atly binagärlik döredijilik sergisini geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanyyň garamagyna hödürledi.
Çäre şähergurluşyk, binagärlik hem-de häzirki zaman Türkmenistanda şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni hem-de geljekki mümkinçiligi görkezmäge gönükdirilendir. Serginiň çäklerinde dürli ugurlar boýunça iň oňat binagärlik taslamalary ugrunda bäsleşigi geçirmek maksat edinilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle çäreleriň ýurdumyzda işewür gatnaşyklary giňeltmäge, tejribe alyşmaga we Watanymyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän täze innowasion taslamalary taýýarlamaga gönükdirmelidigini belledi. Sergi Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna dürli pudaklaryň goşýan goşandyny doly derejede görkezmelidir diýip, milletiň Lideri nygtady.
Nusgawy ýörelgeleri, milli däpleri we täze tehnologiýalary utgaşdyrmaly gurluşyk taslamalarynyň meýilleşdirilen mahaly olara dessine ýaşyl zolaklary we seýilgähleri döretmegiň goşulmalydygyny, çünki paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň zerur derejede saklanylmagynyň esasy talaplaryň biri bolmagynda galýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti sergä ýaş binagär-hünärmenleri, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryny çekmegiň zerurdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň