Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy

22:5730.11.2018
0
4470

30-njy noýabrda paýtagtymyzyň “Watan” kinokonsert merkezinde Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de gazak we türkmen artistleriniň bilelikdäki konserti boldy. Bu çärä aýdym-saz we tans sungatynyň köp sanly janköýerleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň maksatnamasynyň çäklerinde hem “Watan” kinokonsert merkezinde uly gyzyklanma bildirilen konsert geçirildi. Konsertde Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň sungat ussatlary çykyş etdiler. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem aşgabatlylarda uly gyzyklanma döretdi. Sergide goňşy ýurduň däp bolan bezeg serişdeleri, egin-eşikleri hem-de halkyň gündelik durmuşda ulanýan önümleri görkezildi. Bu ýere gelenler işme, gurnama, ýüňden, matalardan basmak, keşdelemek usullarynda ýerine ýetirilen önümler bilen tanyşdylar. Sergi önümleriniň hatarynda kümüşden ýasalan gazak milli şaý-sep sungatynyň nusgalary hem-de ussatlaryň ajaýyp bezelen beýleki işleri görkezildi.
Sergä şeýle hem Gazagystanyň tebigatynyň köpdürlüligini beýan edýän fotopanno girdi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde gazak wekiliýetiniň resmi wekilleri bilen geçirilen duşuşyk hem ähmiýetli boldy. Duşuşykda köptaraply ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhmanlar üçin taýýarlanylan baý medeni maksatnama Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary hem-de beýleki gözellikler bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Baýramçylyk gala-konsertiniň maksatnamasyny gazak we türkmen halk aýdymlary, tanslary, häzirki zaman estradasynyň mukamlary hem-de folklor çykyşlary düzdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň