Trend: Azerbaýjanyň Türkmenistandan satyn alýan harytlary eksportdan iki esse kän

17:1429.11.2018
0
1079

2017-nji ýylyň maglumatlary boýunça Türkmenistanyň Azerbaýjana eksport eden önümleriniň mukdary importdan iki esse kän boldy. Bu barada Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň deputaty Elman Nasyrowyň aýdanlaryna salgylanyp, Trend habarlar agentligi ýazýar.
Söhbetdeşlikde: E.Nasyrowyň şu sözleri getirilýär: “2017-nji ýylyň dowamynda iki döwletiň arasynda 164,1 million dollarlyk söwda geleşikleri baglaşyldy. Şol sanda Azerbaýjandan Türkmenistana eksport edilýän harytlaryň mukdary 54,1 million dollara baran bolsa, Türkmenistandan satyn alnan önümler 110 million dollara ýetdi”. Şeýle hem deputat iki döwletiň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ýyldan-ýyla berkeýändigini aýtdy.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewiň ýakynda Aşgabada bolan bolan sapary iki ýurduň arasynda täze gatnaşyklaryň möhüm ädimine öwrüldi. Şol saparda türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17 göterim artandygyny nygtan bolsa, azerbaýjan Lideri Bakuwdaky Alýat Halkara portunda Türkmenistandan baran ýükler üçin ýörite ýeriň taýýarlanandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň