Soňky habarlar

Arhiw

«Ukyply kärdeşler» gazbeton diwar bloklarynyň ilkinji tapgyryny eksporta ugratdy

17:0429.11.2018
0
2395

«Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasy gazbeton diwar bloklarynyň ilkinji tapgyryny eksporta ugratdy. Gurluşyk materiallary Özbegistanyň paýtagtynda ýaşaýyş jaýlaryny bina etmäge niýetlenendir. Ýakyn wagtda türkmen haryt öndürijileriniň öndürýän önümleri Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Gyrgyzystana hem iberiler. Bu barada “Altyn asyr: Türkmenistan” elektron gazeti habar berýär.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda 2017-nji ýylyň başynda işe girizilen iri önümçilik toplumynda çykarylýan gazbeton bloklar we gury gurluşyk garyndylary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň firmalarynyň, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň potratçy edaralarynyň gurýan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 16-njy tapgyrynda islegli önümlerdir. Kärhananyň önümlerini ýurdumyzda iş alyp barýan Bouygues, Gap İnşaat, Rönesans daşary ýurt kompaniýalary-da ulanmagy göz öňünde tutýarlar. 
Gazbeton bloklar Germaniýanyň belli Wehrhahn kompaniýasynyň enjamlary bilen üpjün edilen dolulygyna awtomatlaşdyrylan kärhanada öndürilýär. Zawodda kuwwatlylygy gije-gündizde 500 kubmetr awtoklaw gazbeton çykarýan ýokary tehnologiýaly önümçilik we gije-gündizde 100 tonna gury gurluşyk garyndylarynyň birnäçe görnüşini öndürýän seh işledilýär. Kärhanada alýumin pudrasyndan gaýry ähli zat ýerli çig maldan öndürilýär. HK-nyň bäsdeşlige artykmaçlygynyň birem bu ýerden materiallaryň uly tapgyryny -- diwarlar üçin gazbeton bloklary, olar üçin ýelimleri, şeýle hem ýokary hilli suwag materiallaryny satyn alyp bolýanlygydyr. 
Iň täze tehnologiýalar tebigy mineral materiallardan ýeňil we berk bloklary taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Olaryň awtoklaw işlenilmegi önümlere berklik we birmeňzeşlik berip, olaryň daşky gurşawyň ýaramaz täsirine durnuklylygyny üpjün edýär. Bloklaryň ýüzi tekiz: bellenilen ölçegden çykylşy bir millimetrden geçmeýär, bu bolsa ýylylyk ýitirilişini we diwaryň ýüzi timarlananda çyryş çykdajylaryny azaldýar. Gazbetonyň hili, ekologiýa talaplaryna laýyk gelmegi, uzak möhlet ulanylýanlygy, ygtybarlylygy, şeýle hem girdejililigi ýaly tehniki we ulanylyş sypatlary döwrebap talaplaryň ählisine laýyk gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň