Türkmenistanly eminler AFK-nyň saýlanan eminleriniň seminaryna gatnaşýarlar

17:0129.11.2018
0
1734

Türkmenistanly eminleriň üçüsi AFK-nyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirýän saýlanan eminleriniň seminaryna gatnaşýar - diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.
Bu abraýly seminara ýurdumyzyň adyndan FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow, FIFA-nyň eminleriniň kömekçileri Ahmet Begnazarow bilen Pälwan Pälwanow gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.
Ýeri gelende aýtsak, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň guramagyndaky saýlama eminleriň seminarynda geçen möwsümiň jemleri jemlenip, geljek möwsümde eminleriň taýýarlyk derejelerini ýokarlandyrmak barada giňişleýin maslahat geçirilýär.
Seminaryň dowamynda eminler futbolda girizilen täze düzgünlerden başlap, oýunlara syn bermek ýaly sapaklary geçýärler. Seminaryň soňunda eminler fiziki taýýarlygy babatynda ýörite synagdan geçerler. Okuw seminary öz işini 30-njy noýabrda tamamlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň