Türkmenistanda Latwiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

23:5128.11.2018
0
3530

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihails Popkowsdan ynanç hatyny kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda Mihails Popkows döwlet Baştutanynyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň möhüm ugrudyr.
Milletiň Lideri tarapyndan başy başlanan halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň, döwlet maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem ylym-bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ösdürilmegine ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy.
Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi hem-de kanunçykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy.
Diplomat ýurdumyzyň uly üstünliklerine tüýs ýürekden gyzyklanmasyny beýan edip, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiligiň bardygyna ynam bildirdi.
Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, gatnaşyklary ösdürmegiň, şol sanda “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” görnüşinde ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek özara hereketleriň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda agzaldy.
Şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy.
***
Şol gün Latwiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.
Ykdysady ulgamda özara gatnaşyklaryň geljegi Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň