Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti TYA-nyň öňünde täze wezipeleri goýdy

19:3928.11.2018
0
1784

26-njy noýabrda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýew döwlet Baştutanyna akademiýanyň garamagyndaky institutlaryň alyp barýan işleri, hünärmenler tarapyndan geçirilýän ylmy-barlag işleriniň möhüm ylmy meseleleri, innowasion-tehnologiýa işleriniň ugurlary barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa meseleleriniň işlenilip taýýarlanylmagynyň möhümdigini aýtdy, çünki tebigaty goramak ulgamy we howanyň üýtgemegi baradaky meseleler häzirki wagtda döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň kemala getirilmegi, ählumumy howplaryň we wehimleriň has giň ugurlaryny nazara alyp, bu ulgamda netijeli çözgütleri kabul etmek üçin aýratyn ýiti häsiýete hem-de ylmy ähmiýete eýe bolýar.
Milletiň Lideri Ylymlar akademiýasynyň ykdysadyýeti we jemgyýeti ösdürmegiň möhüm edarasydygyny belläp, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň innowasiýalary, nou-haulary hem-de ýurdumyzyň senagat toplumynyň dürli pudaklary üçin netijeli çözgütleri işläp taýýarlamakdan, sanly ulgama geçmekden ybaratdygyny aýtdy.
Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň ösüşi, ilkinji nobatda, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Bu ugurda jemgyýetiň akyl-paýhas mümkinçiligini has doly peýdalanmak, ýokary depginli ösüşi üpjün etmek hem-de ykdysadyýeti hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen öňdebaryjy ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak esasy ýagdaýa öwrülýär, bu bolsa ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini ulanmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda ylmy pikiri ösdürmek babatda baý tejribe toplady, bu nesilden-nesle geçirilip, durmuş esaslaryna hem-de ruhy-medeni däplere öwrüldi. Munuň özi milletiň durmuş kadalarynyň we ruhy-medeni däpleriniň özenidir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça işleri, ylmy ösdürmek, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri döwrebap guramagyň möhümdigini belledi.
Ýurdumyzda ylmy mekdebiň maddy-enjamlaýyn binýady hemişe pugtalandyrylýar hem-de kämilleşdirilýär, munuň özi ylmy-barlag ugurlaryny giňeltmäge, gazanylan netijeleri bolsa önümçilige işjeň ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Döwletimiz ylmy ösdürmek üçin berýän goldawlaryndan hem-de ähli şertleri döredip berýänliginden oňyn netijeleri görmelidir. milletiň Lideri bu ulgamda dünýäniň iň oňat tejribeleriniň işjeň peýdalanylmalydygyna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigine, doly innowasion derejedäki tapgyrlaryň taslamalaryň işlenip taýýarlanylmalydygyna, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň hünär ugurly ýokary okuw mekdepleri hem-de ykdysadyýetiň anyk ugruna degişli kärhanalary bilen aragatnaşyklarynyň pugtalandyrylmalydygyna, ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň bazarynyň döredilmelidigine ünsi çekip, bu babatda TYA-nyň öňünde durýan esasy wezipeleriň toplumyny kesgitledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň