Soňky habarlar

Arhiw

Mary DES-niň bug-gaz elektrik bekedi doly güýjünde işleýär

19:3728.11.2018
0
5195

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 23-nji noýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer D.Amangeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Marynyň döwlet elektrik bekediniň binýadynda utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz elektrik bekedinde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň aýdyşy ýaly, ýurdumyzda ozal gurlan döwlet elektrik beketlerinden tapawutlylykda, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen bu beketde ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gaz däl, eýsem, bug hem ulanylýar. Elektrik bekediniň kuwwaty 1574 megawatta barabardyr. Bu ýerde her biriniň kuwwaty 263,25 megawatt bolan 4 sany gaz turbinasy hem-de her biriniň kuwwaty 260,5 megawatt bolan 2 sany bug turbinasy oturdyldy. Olar Amerikanyň dünýä belli “General Electric” kompaniýasynyň önümleridir. Iki gurnamanyň sazlaşygy goşmaça elektrik energiýasynyň önümçiligini üpjün edýär. Elektrik bekedi dolulygyna kompýuterleşdirildi. Bu bolsa bekediň dolandyryş merkezinden ähli tehnologik ulgama netijeli gözegçiligi üpjün edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu desganyň işiniň doly kuwwatyna çykarylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi içerki sarp edijileriň elektrik energiýasyna bolan isleglerini durnukly kanagatlandyrmaga hem-de daşary ýurt bazarlaryna ugradylýan mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň