Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda pagtany gaýtadan işlemäge giň gerim berilýär

19:3528.11.2018
0
1445

Türkmenistanda ýurtda öndürilýän pagtany gaýtadan işlemäge giň gerim berilýär. Bu meselä 23-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde ýene bir ýola dolanyldy.
Şol mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow Türkmenistanyň Prezidentine ýerli çig mal serişdeleri esasynda çykarylýan önümleriň mukdaryny artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek maksady bilen senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Dokma senagatynda bu ugur boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň çäklerinde dokma pudagynyň innowasiýa taýdan ösdürilmeginiň bellenilen meýilnamalaryny we taslamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady. Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagy ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere eýedir hem-de ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň ileri tutulýan ugurlarynda möhüm orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutany şu ýyl Halk Maslahatynda dokma pudagyny ýurdumyzda öndürilýän ähli pagta süýümini doly gaýtadan işlemäge çaltlandyrylan depginde geçirmek baradaky kabul edilen çözgütlere ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda oňyn tejribe toplan, kämil senagat tehnologiýalaryna we işläp taýýarlamalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň