Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça ýaşlar ýygyndysy Türkiýede ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirdi

19:1128.11.2018
0
958

Şu ýylyň 1 - 4-nji dekabry aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde 2019-njy ýylda ýaşlaryň arasynda futzal boýunça geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyry geçiriler. Tapgyryň “A” toparçasynda çykyş etjek ýaşlar ýygyndymyz yklym ýaryşyna gatnaşmak üçin Eýranyň we Owganystanyň  ýygyndylary bilen güýç synanyşar.
Şu günler tälimçi Guwanç Kanaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen futzalçylary Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanşygynda bolýarlar. Olar bu ýerde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirip, iki duşuşykda-da ýeňiş gazandylar.
Birinji duşuşykda Izmir şäheriniň “Altaý” futzal toparyndan 9:3 hasabynda üstün çykan ildeşlerimiz ikinji duşuşykda “Aýdin” toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi. Geçirilen duşuşyklarda Döwran Berdiýew, Sylapberdi Atadurdyýew, Meýlis Hoşmyradow ýaly ýaş futzalçylar has köp tapawutlandylar.
Özbegistanda geçiriljek saýlama tapgyryň netijesinde her toparyň ýeňijileri ýaryşyň final bölegine gatnaşmaga hukuk gazanar. Ikinji orny eýelän ýygyndylar bolsa ýaryşa gatnaşmaga hukuk berýän üçünji ýollanmany almak ugrunda özara göreşerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň