Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we “Buried Hill Energy” Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşýar

23:1827.11.2018
0
8083

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Piter Kallosy kabul etdi.
Duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutany we myhman özara gatnaşyklaryň bilelikdäki işiniň netijelerini hem-de geljegini, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, deňizýaka döwletleriniň dünýäniň işewür bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçiligi açan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ähmiýeti bellenildi.
Nebitiň we gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan hem-de dünýäniň birnäçe energetika ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistanyň sazlaşykly ykdysady ösüşi, şeýle hem amatly maýa goýum ýagdaýy — bularyň ählisi daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi, dürli ulgamlarda iki ýurduň iri, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi üçin şertleri döredýär diýip, Piter Kallos aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa işewür gepleşikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň dünýäniň işewürler toparlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan hem-de geljegi uly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň